TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY SEBIT WE HALKARA DEREJELERINDE ALNYP BARYLÝAN HEREKETLERE IŞJEŇ GATNAŞÝAR

2021-nji ýylyň 26-27-nji iýuly aralygynda Täjigistan Respublikasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 4-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi.

Maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi (CAREC) tarapyndan “Aral deňzi basseýninde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we olary gowşatmak boýunça Maksatnamasy” atly Dünýä bankynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikde alyp barýan taslamanyň çäklerinde geçirildi we ol CAREC-niň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.  

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky ministrlikleriniň ýolbaşçylary, parlamentleriň, döwlet, ylmy edaralarynyň, jemgyýetçilik hem-de halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady raýat jemgyýetçiliginiň ornuny ýokarlandyrmak arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda howa meseleleri bilen bagly syýasaty durmuşa geçirmek boýunça dialogy ilerletmekden, howanyň oňaýsyz täsirleri barada habarlylygy ösdürmekden hem-de sebit döwletleriniň bu täsirleri azaltmaga has işjeň goşant goşmaklaryny we Pariž Ylalaşygynyň netijeli durmuşa geçirilmegini  üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti maslahatyň işine göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.   

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Merkezi Aziýada howa ulgamyndaky syýasatynyň işlenilip düzülmegine we netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Maslahatyň barşynda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy mejlisine görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta