BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-njiu ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ol öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

 Döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini ýollap, diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribä hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklere daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň BAE bolan iş saparynyň çäklerinde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etdi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, özüniň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta