img
TÜRKMENISTANYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNDAKY HEMIŞELIK WEKILHANASY
BM - NÝU-ÝORK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ MAZARI-ŞERIFDÄKI BAŞ KONSULY BALH WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

photo

Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.

Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta