KHBS ÜÇIN HABAR

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylar barada habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir.

Türkmenistanyň DIM-niň  Metbugat gullugy

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta