ÝURDUMYZYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNYŇ ÖŇÜSYRASYNDA MÜŇLERÇE ADAMA TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGY BERILDI

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda pederlerimiziň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döwlet Baştutany Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, 406 adam Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy. 

Şunlukda Türkmenistanyň raýatlygyna täze kabul edilen adamlar dünýäniň 20 milletiniň wekilleri bolup, olaryň aglaba bölegi zenanlar bolup durýandyr. Bu bolsa Türkmenistanyň Hökümetiniň milli hem-de halkara derejesinde gender deňliginiň has hem giňeldilmegi ugrundaky tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagarryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, şeýle-de ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.  

Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Bu ugurda ýurdumyzda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» kabul edildi. Bosgunlar we adam hukuklary barada milli kanunçylygyň we BMG-niň degişli Konwensiýalarynyň esasynda Türkmenistanda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. 

BMG-niň Tertipnamasyna, BMG-niň «Bosgunlaryň statusy hakynda», «Apatridleriň statusy hakynda» Konwensiýasyna, şeýle-de Türkmenistanyň bu ugurdaky milli kanunçylygyna laýyklykda 2011-nji ýyldan bäri 14 980 adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halkara ynsanperwer guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek hem-de migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça netijeli çäreleri görmek bilen dünýä bileleşiginiň işine ýardam berýändigini nygtamak zerurdyr. 

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta