TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER

2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. 

Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, harby attaşeleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurt žurnalistler gatnaşdylar.      

Mundan başga-da dabara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň  harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäher we welaýat häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.  

Soňra gül goýmak dabarasyna gatnaşanlar paýtagtymyzyň günortasynda gurlan Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumyna ugradylar. Ol ýerde baýramçylyk şanly senä bagyşlanan ýörişden başlandy.

Dabaraly ýörişden başlanan harby ýöriş türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi ýöriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler. 

Soňra dabara gatnaşyjylar döwrebap harby tehnikalary gözden geçirdiler, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň göreldeli harby orkestriniň çykyşlaryna syn etdiler.

Däp boýunça şanly sene mynasybetli Hökümet agzalary Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat etdiler. 

Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar aýdym-sazly teatrlaşdyrylan kompozisiýa syn etdiler. Soňra ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýeten belent sepgitlerini, ösüşlerini we gazanan üstünliklerini görkezýän bezegli awtoulaglaryň ýörişi geçdi. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary baýramçylyk ýörişiniň bezegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumynda geçen baýramçylyk ýörişi Beýik Watanymyza we mukaddes garaşsyzlygymyza bagyşlanan köp öwüşginli aýdym-saz-tans kompozisiýasy bilen jemlenýär.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta