HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝAŞLARYŇ MASLAHATY
2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň ilkinji maslahaty geçirildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň (COP26) we Ýaşlaryň maslahatynyň (COY16) öňüsyrasynda bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy bilelikde gurnadylar
Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda BMG-niň Baş Sekretarynyň ýaşlar boýunça ýörite wekili Jaýatma Wikramanaýake, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Luçiano Galli, COP26-nyň Sebitleýin wekili Dewid Moran we beýlekiler çykyş etdiler.
Bu maslahat oňa gatnaşyjylara howanyň global derejede üýtgemegine garşy göreşmek boýunça hereketleri güýçlendirmek üçin tejribeleri, bilimleri we pikirleri paýlaşmaga, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň Türkmenistana täsir edýän wajyp meslelerini ara alyp maslahatlaşmaga we olary çözmekde möhüm çäreleri işläp düzmäge mümkinçilik berdi.
Netijede, COY16 и COP26 üçin Türkmenistanyň ýaşlarynyň başlangyçlarynyň Jemleýji beýany hem-de Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça döredijilikli çözgütleriň Ýol kartasy kabul edildi.