YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE HEM-DE ONUŇ DAŞYNDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÄHMIÝETI BEÝAN EDILDI

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-nyň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de Guramanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine oňyn täsirini ýetirýän özboluşly geoykdysady ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geografiki, taryhy umumylyklary, şeýle-de däp-dessurlary we gymmatlyklary bolan YHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň özarahereketleriniň düýp mazmunyny beýan etdi. «Bu ýerde biziň halklarymyzyň köpasyrlyk umumy däpleri, gymmatly tejribeleri toplanan bolup, ol häzirki döwrüň şertleriniň nazarda tutulmagy arkaly gaýtadan dikeldilmegi, ulanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy talap edýär» - diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bu formatyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has hem işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi, bu olaryň arasyndaky haryt dolanşygynyň göwrüminiň artdyrylmagyna hem-de diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen bolup durýandyr. «Bu ugurda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgesiniň esasynda YHG-nyň ýöriteleşdirilen işewürlik platformalarynyň döredilmeginiň pikirini etmek maksadalaýykdyr, çünki olaryň her biri öz ugry boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem-de giňeldilmegi ugrunda makada gönükdirilen işleri alyp baryp bilerdi» - diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Şeýle-de söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygynyň durnukly we yzygider ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli gurallaryň döredilmeginiň maksadalaýyklygy öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, senagat harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleriniň ýola goýulmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, Döwlet Baştutany ilkinji nobatda ýokary sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, elektron söwda meýdançalarynyň giňişleýin peýdalanylmagy arkaly ykdysady özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny beýan etdi.   

Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti howply ýokanç kesellerine garşy göreşmek ugrunda YHG-nyň çäklerinde tejribeleriň, usulyýetleriň hem-de işläp taýýarlamalaryň alyşylmagy üçin ulgamlaýyn hereketleriň ýola goýulmagynyň maksadalaýyklygyny nygtady. «YHG-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlyk medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hereketleriň giňeldilmegi bilen utgaşdyrylmalydyr» - diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta