AŞGABATDA HALKARA PARAHTÇYLYK WE YNANYŞMAK MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün, 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirildi.

Aşgabatda geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Çärä şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Milli Geňeşiniň ýolabşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolabşçylary, abraýly halkara we sebit guramalaryň baştutanlary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat binýadyna – parahatsöýüjilik, ynanyşmak we gepleşiklere açyklyk ýörelgeleriniň mahsusdygyny belledi. Biz öz bitaraplygymyzy ählumumy ösüş we öňe gidişlik, BMG-niň maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirýändigimizi buýsanç bilen aýdýarys, diýip milletimiziň Lideri nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti anyk kesgitlenen ýörelgelere, sagdyn, oňyn öňdengörüjilige, ählumumy kabul edilen we ähli adamlar üçin düşnükli bolan gymmatlyklara esaslanýan, halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny kemala getirmegiň wajyplygyna ünsi çekdi.

Maslahata gatnaşyjylar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary H.Noziriniň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary B.Amreýewiň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary D.Kaseinowyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili,  Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.Germanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenkonyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy J.MakGregoryň çykyşlaryny diňlediler.

Çykyş edenler özüniň bitaraplyk syýasatyny nazarda tutmak bilen, Türkmenistanyň halkara we sebitleýin düzümler bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyny mundan beýläk hem dowam etjekdigini bellediler.

Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji çäresi bolmak bilen, bu köptaraplaýyn Forum dünýä ýurtlarynyň arasyndaky özara hereketlerde parahatçylyk, ynanyşmak we dostlukly gatnaşyk medeniýetiniň gaýtadan dikeldilemegine gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň özboluşly jemlemesi boldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak maslahatynyň netijeleri boýunça 26 sany köptaraplaýyn namalardan ybarat bolan resminamalar toplumyna gol çekildi.

Halkara forum öz işini plenar mejlislerde dowam etdi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta