PLENAR MEJLISIŇ DOWAMYNDA TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAKDAKY ORNY BELLENILIP GEÇILDI

2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Matymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Parahatçylyk medeniýeti bilen bütindünýä durnukly ösüş gün tertibiniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk» atly tema boýunça plenar mejlisi geçirildi.

Mejlisi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko alyp bardy.

Şeýle hem onda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça utgaşdyryjysy W.Gutsu, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň maksatnamalary dolandyrmak boýunça weili G.Waranisa hem-de wideoaragatnaşyk arkaly TRASEKA-nyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary A.Asabaýew dagylar hem çykyş etdiler.

Çärede wideoýüzlenmeleri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin BMG-niň Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary A.Salsiýa Alişahbana, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto we beýleki halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.

Mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesiniň sebit hem-de ählumumy formatda parahatçylyk medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini belläp geçdiler.

Umberto De Prettonyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, kuwwatly we durnukly ulag infrastrukturasy bolmazdan, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek mümkin däldir. Şunda ol Türkmenistanyň halkara ulag diplomatiýasyndaky işjeň orny hakynda gürrüň edip, ýurduň söwda mümkinçilikleriniň, ulag pudagynyň we infrastrukturasynyň ösdürilmeginde gazanan ösüşlerini beýan etdi. Bu ugurda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalary hem sanap geçdi.    

Öz çykyşynda G.Waranisa bitaraplygyň ykdysady ösüşiň ilerledilmeginde, daşary ykdysady gatnaşyklara we söwdanyň ösdürilmegine ýardam bermekde aýratyn wajyp ähmiýete eýedigini belläp geçdi. Ol şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Hökümetine Döwlet gümrük gullugynyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (ÝUNKTAD), Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki ASYCUDA  ulgamynyň girizilmegi arkaly gümrük we söwda amallarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de eksport-import amallary üçin Bir penjire ulgamynyň ornaşdyrylmagy ugrundaky taslamalara berýän yzygiderli goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi. 

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta