TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETINIŇ MERKEZI AZIÝADAKY WEKILHANASYNYŇ SEBITLEÝIN ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzyň paýtagtyna gelen, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň sebitleýin ýolbaşçysy Sangita Kenig bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar möhüm ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, halkara ynsanperwer hukugynyň milli kanunlar bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra taraplar gatnaşyklary ösdürmek boýunça geljekde mümkin bolan özara gyzyklanma bildirilýän ugurlara seredip geçdiler.

Sangita Kenig Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26-ýyllygy bilen gutlap, ýurdumyzyň ynsanperwer ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini aýratyn belledi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta