TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary hem gatnaşýarlar.

Nobatdaky duşuşygyň maksady – 2021-nji ýylyň jemleriniň jemlenmeginden hem-de Arkalaşygyň çäklerinde netijeli özara hereketleriň ösdürilmegi boýunça geljekki hereketleriň kesgitlenilmeginden ybaratdyr. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerine hem seredilip geçiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta