TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY GEPLEŞIK

Şu gün, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen, GDA-nyň resmi däl Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň çakylygy boýunça, ykdysady ulgamdaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky gepleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meselelere gözegçilik edýän Orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Daşkent şäherine sapar bilen barjakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta