PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNYŇ PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDÄKI ÄHMIÝETLI ORNY BARADA

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Parlamentara forumy öz işini üç ugur boýunça: «Döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk», «Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak – öňe gidişligiň ygtybarly usulydyr», «Daşky gurşawyň abadançylygy we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisler bilen dowam etdi.

Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilen parlament diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini nygtap, Foruma gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ählumumy howplaryň sebit we dünýä derejesinde çözmek boýunça deňhukuklylygyň hem-de plýuralizmiň berkidilmeginde has hem ösýän möhüm ornuny bellediler.

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, adamlaryň saglygyny üpjün etmek we dünýä ykdysadyýetini dikeltmek ugrunda netijeli gepleşikleriň alnyp barylmagyna ýardam edýän wajyp usul hökmünde parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagynyň ähmiýeti barada aýdyldy. Şeýle hem ekologiki abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetiniň, dialogyň we özara ynanyşmagyň halkara gatnaşyklarynda dikeldilmegine we ykrar edilmegine gönükdirilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjynyň ähmiýetini belläp geçdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta