TÄHRANDA YHG-NIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ WEKILLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Tähranda YHG-niň Sekretariatynda «YHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak we tanymallygyny artdyrmak» atly mowzuk bilen iş duşuşygy öz işine başlady. Mejlis agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilýär.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk edýär.

YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri tarapyndan açylan ýokary derejeli duşuşyk plenar mejlisiden we iki sany iş tapgyryndan ybaratdyr.

Sessiýa takyk meseleleriň birnäçesine, hususan-da pandemiýadan soňky ýagdaýlarda sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy üçin usullar we ýollar hem-de 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilen YHG-niň sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly meselelere seretmäge gönükdirilendir.

Birinji güni sebitleýin söwdanyň we özara gatnaşyklaryň, agza-ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem agza-ýurtlaryň arasynda üstaşyr ugrundaky hereketleriň giňeldilmeginiň, amallaryň birmeňzeş we ylalaşylan bolmagynyň zerurdygy pikirinde ylalaşdylar.

Mundan başga-da, YHG-nyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Guramanyň taslamalaryny durmuşa geçirmek we oalry maliýeleşdirmek üçin utgaşdyryjy usullaryň işlenip düzülmegi boýunça meselelere seredilmegi meýilleşdirilýär.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta