ALMATYDA MERKEZI AZIÝANYŇ WE ÝB-NIŇ ÝÖRITE WEKILLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Çäräniň barşynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistanyň Owganystan bilen bagly alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň, şol sanda durmuşa geçirilýän TOPH taslamasynyň we Owganystanyň häzirki hökümeti bilen netijeli gepleşikleriň geçirilmeginiň üstünde durup geçdi.

Bu formatda yzygiderli esasda gepleşikleri geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Çäräniň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Şeýle-de çärä gatnaşmagynyň çäklerinde W.Hajiýew BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Debora Laýons bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň meseleleri hem-de Owganystana ýardam etmek boýunça halkara we ikitaraplaýyn tagallalar boýunça pikir alyşdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta