MERKEZI AZIÝANYŇ WE HHR-YŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerine seredip geçdiler. Söhbetdeşler iri halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegine ymtylýandyklaryny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak bilen, gaz, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda özarabähbitli hyzmatdaşlyga esasy üns berildi.

Türkmen we hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçylary sebitleýin we yklymlaýyn möçberde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler.

Şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynda geljekki hyzmatdaşlyk bu gepleşikleriň möhüm temasy boldy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebitiň syýasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, wajyp halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hazar meselesi gepleşikleriň möhüm temasy boldy. Hususan-da, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek bilen bagly meslelere seredildi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem iki ýurduň sebit we halkara derejesinde gatnaşyklarynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda we Gazagystanda bar bolan döwrebap guryýer we deňiz ulag infrastrukturalarynyň ulanylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem energetika, oba hojalygy, senagatçylyk ýaly ulgamlarda bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta