TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÝANYNDAKY ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ HALKARA MERKEZI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özarabaglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, hususan-da «Lapis-Lazuli» geçelgesiniň, Aşgabat ylalaşygynyň üstaşyr geçelgesiniň (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman), «Hazar deňzi – Gara deňzi» başlangyjynyň çäklerindäki ulag geçelgeleriniň hem-de «Gündogar-Günbatar» we «Günorta-Demirgazyk» ugurlary boýunça beýleki sebitara ulag köprüleriniň hukuk we logistiki binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirýändigini tassyklady.

2022-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna we mundan beýläk hem ýurduň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde derejesiniň berkidilmegine gönükdirilen strategiki möhüm çäreler göz öňünde tutulan Türkmenistanyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul edendigi bellenildi.

Taraplar şeýle hem 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta