TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR

2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabatda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy.

Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Guramanyň üç ölçegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we garaýyşlaryny beýan etdi. Çykyşda, ÝHHG-nyň düzüminde howpsuzlyk derejesini saklamagyň möhüm ugurlaryny, özara ynamy ýokarlandyrmak we halklaryň arasyndaky dürli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklaryny we gepleşikleri ösdürmek nygtaldy.

ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid maslahata gatnaşyjylara eden wideo ýüzlenmesinde: "Bu, ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky  hyzmatdaşlygyň  anyk sepgitlerini bellemäge we geljegine  seretmäge amatly pursat" – diýip belledi.

Şeýle hem, ol sebitde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Hazar deňziniň üsti bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek arkaly Türkmenistanyň ÝHHG-nyň sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna we goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor: "ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky üç onýyllykda uzak ýol geçdi, ýöne Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň ähli sebiti üçin peýdaly gepleşiklerimizi dowam etdirmek we berkitmek üçin uly mümkinçilikler bardyr", diýip aýdylanlaryň üstüni ýetirdi. 

Maslahatyň plenar mejlislerinde howpsuzlyk, ekstremizme we transmilli howplara garşy göreş, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gender deňligi, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuzlygy ýaly meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta