TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI SUHAÝL AL MAZRUINYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirat gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň arasyndaky ýokary ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynamly gepleşiginiň ýokary derejesi aýratyn bellenildi. Şeýle-de ministrler döwletleriň halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäklerinde, oňyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Raşid Meredow we Suhaýl Al Mazrui energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan amatly mümkinçilikleri belläp geçdiler. Şeýle hem, gaýtadan dikeldýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşy we energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi barada maslahatlaşyldy.

Ministrler “ýaşyl ykdysadyýetiň” ähmiýetini bellemek bilen, bu ulgamda bilermenleriň bilimleri we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly energiýany ulanmak boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamly esasa geçmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geljekki ösüşlere itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta