SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arka...
MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...
“Ýeňiş Sungaty” - Ýewgeniýa Adamowanyň suratlarynyň biriniň döreýşi
Günleriň birinde demir ýoldan geçip barýan Ýewgeniýa Mihaýlowna, elewräp duran bir garry aýala gabat gelip, ony ata-enesiniň öýüne alyp gidipdir. Tizara Mamajan ejäniň iki oglunyň bardygy, ulusynyň ondan iki ýyl öň, kiçisiniň bolsa golaýda fronta gidendigi belli bolýar. Ene ogluny Aşgabada çenli ugradypdyr. Otly duýdansyz ugranda, ol ýeke özi, başy dumanlap, aňk-taňk bolup galypdyr. Üç günden soň myhman özüni bazara äkitmegi haýyş edipdir, ol ýerde hatar-hatar aýlanyp, bir zatlary gözläp, ahy...
“Ýeňiş Sungaty” - Seýitniýaz Ataýew – harby aňtawçy, terjimeçi we ýazyjy
1945-nji ýylyň aprelinde Änewe Seýitniýazyň kakasy Ata Gulburunowyň adyna hat gelip gowuşypdyr. Üçburç hatyň obany nähili alada goýandygyny göz öňüne getirmek bolar. Her niçigem bolsa, haty açdylar we obanyň öňünde gaýta-gaýta okadylar: «Siziň ogluňyz Ataýew Seýitniýazyň nemes basybalyjylaryna garşy göreş frontunda harby wezipelerini nusgawy ýerine ýetirendigi we onda görkezen gaýduwsyzlygy we edermenligi üçin Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglanandygyny habar berýärin. Gol: General-maýor...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara alyp...
BILIM WE YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny, şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzma...
“Ýeňiş Sungaty” - Myrat Sadykow: “Smuglýanka”
?Ýuwaş! Synag dowam edýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip öz adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de we olaryň gapma-garşylygyna hem gabat gelýärdiler. Ýöne ylmy işgäriň bu okuwa dalaşgär bolmagyn...