SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-RUS PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnag...
Outcome document of the Annual meeting of the Central Asia Women Leaders’ Caucus published as the United Nations document
The Outcome Document of the Annual meeting of the Central Asia Women Leaders’ Caucus, which was held in Ashgabat on December 10, 2022, was published in the six official languages of the UN (А/77/698) as an official document of the 77th session of the UN General Assembly under agenda items 18 "Sustainable Development", 26 "Improvement of the Status of Women" and 61 "Zone of Peace, Trust and Cooperation in Central Asia".
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar. Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar. Türkmenistanyň Daşary işler mi...
DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA 2023-NJI ÝYLYŇ “DIALOG PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI HÖKMÜNDE HALKARA ÝYLY” DIÝLIP YGLAN EDILMEGINE BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda gibrid görnüşde geçirildi. Maslahata BMG-niň esasy edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, BMG agza ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Tür...
TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde nobatdaky türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. Taraplaryň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wekili Mattias Lýuttenberg ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň içerki syýasy ýagdaýlary barada pikir alşyldy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähl...