SOŇKY HABARLAR
KOREÝANYŇ HALKARA SÖWDA ASSOSIASIÝASYNYŇ WE «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ WEKILLERI BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-ni ýylyň 29-njy iýunynda Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onlaýn görnüşde geçen duşuşygyň işine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň başlygy, Koreýanyň Halkara Söwda Assos...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLARY KABUL EDÝÄR
2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşady. Bu Muhammet Pygamberiň ýaşydyr. Türkmen halkynyň asylly däplerine görä bu ýaşa ýetmek – belent mertebe bolup durýar. Şanly sene mynasybetli türkmen baştutanyna döwlet, hökümet we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglar we gutlag jaňlarynyň yzy üzülenok. Şunlukda özleriniň türkmen kärdeşlerini telefon arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Owganystan Yslam Respublikasyny...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmegi geple...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÖZGERTMELER BOÝUNÇA ÝÖRITE MASLAHATÇYSY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bi...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KANADANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY
2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) Jamal Kokhar bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Kanadanyň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşl...
HÄZIRKI WAGTDA DAŞARY ÝURTDA BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARY ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär. Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolm...
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ONLAÝN GÖRNÜŞINDE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa w...