SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-AMERIKAN SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi J.Henik gatnaşdylar. Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özarahereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki...
TÜRKMENISTANYŇ WE HHR-IŇ ARASYNDA WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY DIM-ARA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen baştutanlyk etdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ugry...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynyň nobatdaky tapgyry sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan we Owganystan Yslam Respublikasyndan ýokary derejeli diplomatlar, BMG-niň Baş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Administratorynyň orunbasary we BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen uzakmöhletleýin hem-de netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Taraplar BMG-niň Ösüş Maksatnam...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PUDAKLAÝYN EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY ONLAÝN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň söwda, maliýe we daşary ykdysady aragatnaşyklar, nebitgaz ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşygyň işine Türkmen...
TÜRKMEN TARAPY YHÖG-NYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) Merkezi Aziýa ýurtlarynda hususy pudagyň dikeldilmegine ýardam bermeklige bagyşlanan sebitleýin duşuşyk geçirildi. Ministrler derejesinde geçirilen onlaýn duşuşyga YHÖG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna gatnaşyjy ýedi ýurduň çökgünlige garşy çäreleriň işlenilip düzülmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna jogapkär döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, halkara bilermenl...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetiriji toparynyň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahaty geçirildi. Bu maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýer ýüzünde ýüze çykan adamzat ýokanjynyň täze görnüşiniň – COVID-19 koronawirusynyň dünýä ýetir...