SOŇKY HABARLAR
GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar. Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologik...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşyp, özara hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýi...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) wekilleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň statistika boýunça Döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn-duşuşygyň dowamynda esasy üns Durnukly ösüş maksatlaryny, esasan-da, 4-nji – hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli...
TÜRKMENISTANYŇ WE YSRAÝYL DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda wideokonferensiýa görnüşinde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ysraýyl tarapyna – Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup d...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY UNEP MAKSATNAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de T...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY TEMA BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçyl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Halafow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk onlaýn-görnüşinde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň ar...