SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bo...
TELEKEÇILIK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ASTRAHAN GEŇEŞINIŇ IKINJI MEJLISI
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Astrahan geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Astrahan suw-ulag merkeziniň logistika mümkinçilikleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Olýa Hal...
ÝADRO SYNAGLARYŇ HEMMETARAPLAÝYN GADAGAN EDILMEGI HAKYNDAKY ŞERTNAMA GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ TÜRKMEN TALYPLARY ÜÇIN LEKSIÝALARY
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň onlaýn-leksiýalary geçirildi. Diňleýjileriň arasynda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instititutynyň talyplary bardyr. Jenap Lassina Zerbonyň wideo-leksiýalary indiki te...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE IRLANDIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministri Saýmon Kowniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ministrler syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine seredilip geçildi, şol sanda pandemiýanyň garşysyna gönükdirilen göreşde ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Dipl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli birek-birege gutlaglaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara g...
BMG-NIŇ SENAGAT ÖSÜŞ GURAMASYNYŇ (UNIDO) HÜNÄRMENLERI BILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) hünärmenleri bilen onlaýn maslahatlaşma duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda halkara guramalarynyň agza ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklary bilen halkara gatnaşyklaryny giňel...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin Edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşyndа Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeliligi nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap...