SOŇKY HABARLAR
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 15-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...
MERKEZI AZIÝADA SUW SERIŞDELERINI DURNUKLY DOLANDYRMAK ÜÇIN INNOWASIÝA TEHNOLOGIÝALARYNY ULANMAK – ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2019-njy ýylyň 14-15-nji noýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi suw serişdelerini dolandyrmak üçin innowasion tehnologiýalary ulanmakda öňdebaryjy tejribeler we standartlar boýunça sebitleýin duşuşyk üçin meýdança döretmek maksady bilen okuw maslahatyny gurnady. Suw hojalygy boýunça döwlet komitetiniň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň wekillerinden daşary olary...
BAKUDA GEÇIRILEN YSLAM MEDENIÝETINIŇ SURAT SERGISINDE TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ GÖZEL ÝERLERI ŞÖHLELENDIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Milli medeniýet muzeýinde yslam medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine bagyşlanan Yslam medeniýetiniň surat sergisi geçirildi. Bu çäre Baku Ikinji Dini Baştutanlaryň Summitiniň çäklerinde geçirildi. Sergä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýerleşýän ýadygärlikleriň çeper suratlary hem-de Soltan Sanjar we Il-Arslan kümmetleri, Seýit Jemaletdin metjidiniň we...
GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ WEKILLERI TERRORÇYLYGA GARŞY HYZMATDAŞLYK BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy çagyryşlar we howplar” temasy boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Gatna...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ OKUW MASLAHATYNDA ŽURNALISTIK BILIMIŇ DÖWREBAPLAŞDYRYLMAGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 13-14-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň gurnamagynda okuw maslahaty geçirildi. Žurnalistika bilimine bolan döwrebap çemeleşmeler maslahatyň baş temasy bolup çykyş etdi. Bu iki günlük çärä dört ýokary okuw jaýyndan žurnalistika mugallymlary, çap, teleradio we onlaýn KHBS-den žurnalistler, şeýle-de Adalatçynyň diwanyndan, Bilim ministrliginden we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip,...
TÜRKMENISTANDA BILIM WE SPORT BOÝUNÇA HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Onuň işine kompýuter, multimediýa tehnikasyny, mekdep mebelini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar. Forum şeýle hem ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň,...
AŞGABATDA HALKARA ULAG WE ÜSTAŞYR GEÇELGÄNI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGYŇ IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Aşgabat şäherine bu duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri ýygnan...