SOŇKY HABARLAR
MINSKDE GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ STRATEGIK YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Minskde bolan Arkalaşygyň dörediji we beýleki edaralarynyň ýanynda gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlisde Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gur...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Diplomatlar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle...
TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERINE SEREDÝÄR
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekillerinden ybarat wekiliýet Aşgabada geldi. Işewürler maslahatyna eýran wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalaryň wekilleri, şeýle-de söwda, derman senagaty, oba hojalyk we suw serişdeleri, inženerçilik hyzmatlary, energetika, ulag, logistika, syýahatçylyk,...
AŞGABATDA ÝUNISEF-IŇ DÜNÝÄ ÇAGALARYNYŇ ÝAGDAÝY BARADAKY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýagdaýy baradaky Hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. 2019-njy ýylda ol «Çagalar, iýmit we iýmitleniş: özgerýän dünýäde kadaly ösüş» şygary astynda jemgyýetçilige ýetirilendir. Çärä ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň hünärmenleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kä...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ITALIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilý...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuk...
TÜRKMEN TEATRY HALKARA TEATR FESTIWALYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-14 oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň 80-ýyllygyna bagyşlanan “ABIŞ ÄLEMI” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar. Festiwalda Türkmenistana Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry wekilçilik etdi. Lebaply teatryň görkezen “Daýhatyn” atly oýny tomaşaç...