RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ YKDYSADY WE DURMUŞ MESELELERI BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Lýu Çženminiň arasynda duşuşyk geçirildi.    Duşuşygyň barşynda taraplar 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça giňişleýin pikir...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegini kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-niň we YHG-nyň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-nyň özara gatnaşyklaryn...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINSITRI BILEN OMANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ DUŞUŞYGY

BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Ýusuf bin Alaui bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Hususan-da, taraplar nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini hem-de Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman geçelgesiniň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Bin Mohamed Al Halifa bilen duşuşdy. Bahreýn Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýalarynyň wajyplygyny aýratyn belledi. Bahreýniň Patyşasynyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabada bolan...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şaherine bardy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri sessiýadaky çykyşynda sebitleýin we global gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.    Hususan-da, Türkmenistanyň halkara hukugyna we BMG-niň düzgünnamasyna...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY

2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň do...

DOWAMY
pic
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMÇYLYGY BAE-DE HEM BELLENILDI

2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokar...

DOWAMY