SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.N.Şewalýow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan W.N.Şewalýowa türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine goşan şahsy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hanym Keitumetsi S.T. Metthews bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, şeýle hem medeniýet we ynsanpwerwerlik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesine seredip geçdile...
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...
Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň BEÝANNAMASY
2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...
TÜRKMENISTAN WE BOLGARIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGI MAKSAT EDINÝÄRLER
2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 11-nji awgustda B.Borisow Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, myhman bu ýerde häzirki zaman awtosenagat ulgamynyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldy. Saparynyň çäklerinde Bolgariýanyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti G...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler. Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbi...
HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...