SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ IX MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň binasyna geldi. Bu ýerde Döwlet baştutanyny resmi adamlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly we ýerli agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Binanyň foýesinde forumyň wekilleriniň we myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezide...
TÜRKMEN BEDEWINIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILJEK DABARALAR
Türkmenistanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasy, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de Halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçiriler. Mundan başga-da, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi« atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokarda agzalan...
TÜRKMENISTAN 2019-NJY ÝYLDA GDA-DA BAŞTUTANLYK EDÝÄR
2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...
AŞGABATDA TÜRKMEN-BRITAN SÖWDA-SENAGAT GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Britan tarapyndan mejlise Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar...
TÜRKMENISTANDA GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGETIKANY ÖSDÜRILMEK PROSESINIŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA TEGELEK STOL
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüş meýilnamalarynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan iki günlik tegelek stol geçirildi, ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde ÝUSAID-iň Türkmenistandaky degişli agentlikleri tarapyndan guraldy. Çärä ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň we ÝUSAID-iň degişli agentlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň energetika ministrliginiň we Türkmen döwlet energetika institutyn...
BUHARESTDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde 2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde “Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” ady bilen 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Buharestde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, döwlet kompaniýa...