SOŇKY HABARLAR
ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA
2019-njy ýylyň 24-25-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda...
SEULDA TÜRKMEN–KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde söwda, ykdysady, ylmy, we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen–koreý toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklar gazandylar. Şeýl...
OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDY
2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-...
PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN MOHAMMAD AŞRAF GANINIŇ ARASYNDA IKIÇÄK DUŞUŞYGY BOLDY
2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy. Iki ýurduň Baştutanlary halkara we sebitdäki derwaýys meselelere, şol sanda Owganystanda parahatçylygy gazanmak üçin Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň orny we geljegi, şeýle hem türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we beýleki...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ISPANIÝA PATYŞALYGYNYŇ MADRID ŞÄHERINDE IŞ SAPARYNDA BOLÝAR
2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň fewral aýynyň 21-ne çenli dowam etjek Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherine iş sapary başlady. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Oba hojalyk we azyk senagaty boýunça Baş sekretary, TYPSA kompaniýasynyň Prezidenti, Cobra kompaniýasynyň Baş direktory, şeýle hem Amiantit kompaniýasynyň Baş direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda oba hojalygyna we senagat pudagyna degişli meseleler...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN DABARALY MASLAHAT
2019-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalary...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky...