SOŇKY HABARLAR
DUŞENBEDE TÜRKMEN–TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 8-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen–täjik toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Ýokarda agzalan toparyň türkmen böleginiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we täjik böleginiň düzümine bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň barşynda goňşy döwletler bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny w...
TÜRKMEN–AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI TAMAMLANDY
2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň DIM-niň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri dowam etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, energetika, suw hojalygy we sebitleýin integrasiýasy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara aly...
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”, “Türkmensitan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Diplomatik institutyň wekilleri, Rumyniýanyň jemgyýet...
TÜRKMEN - AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mariýa Magdalena Grigoreniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynda amala aşyrylan işleriň üstünde durup geçdiler we geljekde olary ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar ulag ulgamyna aýratyn üns berd...
AŞGABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ENERGETIKA BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ ALTYNJY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Energetika boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki ýurduň nebitgaz ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kiçi komitetiň hytaý tarapynyň başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça Döwlet müdirliginiň başlygy j-p Li Fanžun boldy. Iki ýurduň wekiliýet ýolbaşçylary türk...
HAZAR DEŇZI TESWIRNAMASYNYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERINIŇ 3-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň 3-nji mejlisi geçirilýär. Maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar...