SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝADA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano, Ýadro ýaraglaryny synag etmegi düýbünden gadaga...
ÝURDUMYZYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞAR
2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu aýda 2019 - 2021-nji ýyllar üçi...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY GELJEKGI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin Sebitleýin edarasynyň direktorynyň orunbasary Rastislaw Wrbenski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2018-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk»...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kuniýo Mukuriýa bilen duşuşdy. Duşuşykda Guramanyň halkara gümrük hyzmatdaşlygy babatda geljegi bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekilip, Türkmenistanyň döwrebap infrastuktura desga...
BRÝUSSELDE «ÝB - TÜRKMENISTAN» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky onunjy mejlisi geçirildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan wekiliýete Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy B.Ýaroşewiç baştutanlyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, şeýle hem A...