RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy netijeleri, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa gecirmegiň çäginde geçen ýyl boýunça DIM-niň işiniň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrmak boýunça brifing geçirildi. Brifingiň işine Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri, Türkmenistanda akk...

DOWAMY
pic
30 Ýan

AŞGABATDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar. Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN YLALAŞYGA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY BOLDY

2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasyna jaý bermek hakyndaky Ylalaşyga» gol çekişlik dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasyna BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri we ýolbaşçylary hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar. Türkmen tarapy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňel...

DOWAMY
pic
4 Ýan

«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI

Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen  syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....

DOWAMY
pic
28 Dek

HYTAÝDAN EÝRANA TÄZE UGUR BOÝUNÇA NOBATDAKY ÝÜK OTLUSY GOÝBERILDI

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy. Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň,  hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň,  Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol ulgamynyň üsti bilen soňra Tähranyň gapdalyndan geçip gidýär. Çanşa - T...

DOWAMY
pic
20 Dek

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...

DOWAMY
pic
19 Dek

ÖSÜŞ MAKSADY BILEN 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI DOLANDYRYŞ WE UTGAŞDYRYŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY

2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkme...

DOWAMY