RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Noý

AŞGABATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MASLAHATY (RECCA VII) GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda  Aşgabatda owgan meselesi boýunça möhüm soraglaryň çözülmegine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamakda geljekki tagallalary birleşdirmäge, Owganystanyň parahat galkynyşy we ösüşi üçin bilelikde hereket etmäge, hem-de tutuşlygyna  sebit we sebitara derejede ykdysady integrasiýany güýçlendirmäge ýardam bermegi maksat edinen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Masla...

DOWAMY
pic
14 Noý

AŞGABATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlik Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII)  öz işine başlady. Maslahatyň ilkinji iş gününde umumy mejlis we işçi toparlarynyň üç sany mejlisi geçirildi. Forumyň birinji iş gününe RECCA VII-ä agza ýurtlaryň wekilleri we bilermenler, birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdyl...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASY (UNCTAD) HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary jenap Muhisa Kituýiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň dowamynda Türkmen tarapy BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynda möhüm ugur bolmagynda galýandygyny belledi. Bütindünýä Söwda guramasyna (BSG) girmeklik işine başlamaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Türkmeni...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTAN WE ESKATO GELJEKKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekiliýeti bilen ady agzalan guramanyň Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Hong Jun Hamyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňaýly täsirini belläp, taraplar Türkmenistan bilen ESKATO-nyň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barad...

DOWAMY
pic
13 Noý

PRESS-RELIZ

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle...

DOWAMY
pic
12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SAMARKANTDA HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Samarkantda BMG-niň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri derejesinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi. Ýokarda ady agzalan halkara çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARLYGYNYŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 68-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...

DOWAMY