DURNUKLY ULAG ULGAMY
Durnukly ulag ulgamlary boýunça dostlaryň topary
Durnukly ulag boýunça dostlar topary (GFST) 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen döredildi. Topar durnukly ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygyny, halkara hyzmatdaşlygy we söwdany goldamak maksady bilen, hemmeler üçin howpsuz, elýeterli we durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmek boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň resmi däl meýdançasy bolup hyzmat edýär.
Aşakda çap edilen agzalyk sanawynda 18 döwlet görkezilýär. Olaryň arasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky baglanyşyklary berkitmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky 72/212, 75/313, 78/148 kararnamalarynyň we 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýip yglan eden 77/286 kararnamasynyň awtordaşlary bar.
Topara gatnaşmak maliýe, hukuk ýa-da başga borçnamalary döretmeýär we BMG-niň 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag onýyllygynyň çäklerinde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.
BMG-niň Durnukly ulag onýyllygy, 2026–2035-nji ýyllar
Onýyllyk 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda başlandy. Onuň resmi açylyşy we Durmuşa geçiriş meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirildi.
Topar 2026-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky çykyşynda durmuşa geçirmegiň, utgaşdyrmagyň, maliýeleşdirmegiň we gözegçiligiň, şol sanda Ulag durnuklylygynyň atlasynyň ähmiýetini nygtady.
Toparyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirildi. Duşuşygyň A/78/881 resminamasy hökmünde ýaýradylan Jemleýji jarnamasynda Toparyň işiniň şu görnüşleri we usullary kesgitlenildi:
- Topar resmi däl we açyk häsiýete eýedir. BMG-ä agza döwletler, Baş Assambleýanyň synçylary we BMG-niň düzümleri goşulmaga isleg bildirende, onuň düzümi yzygiderli täzelenýär.
- Topar öz wezipelerini Sekretariatynyň, Maslahat beriş geňeşiniň we agzalary tarapyndan teklip edilip, ylalaşylyp bilinjek beýleki düzümleriň goldawy bilen ýerine ýetirýär.
- Topar Nýu-Ýorkda ilçiler derejesinde ýylda azyndan bir ýa-da iki gezek yzygiderli duşuşýar. Agzalarynyň haýyşy boýunça aýratyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary duşuşyklar geçirilip bilner.
- Topar öňünden ylalaşylan wagtda we ýerde ministrler derejesinde yzygiderli duşuşýar.
- Toparyň işini bir ýyl möhlet bilen iki egindeş başlyk — Türkmenistan we egindeş başlyk bolmaga isleg bildirýän islendik agza döwlet — utgaşdyrýar. Şol möhlet tamamlanandan soň geografik gezekleşme ýörelgesi ulanylýar.
Maksatlar
- BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça maslahatlarynyň we görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşmaga ýardam bermek.
- Durnukly ulaga aýratyn üns bermek bilen, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin 2024–2034-nji ýyllar boýunça Awaza Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak.
- BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, sebitleýin komissiýalar, agza döwletler, BMG-niň düzümleri we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda 2026–2035-nji ýyllar üçin Onýyllygyň Durmuşa geçiriş meýilnamasyny goldamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmek.
- BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň we Täze şäher gün tertibiniň çäklerinde ýaşyl ulagy, durnukly hereketliligi we az uglerodly şäherleri ösdürmek boýunça işlerini goldamak.
- Ulag syýasaty boýunça okuw maksatnamalaryny ösdürmek we ulag diplomatiýasy boýunça ilkinji giňişleýin gollanmany taýýarlamak.
- Ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin maýa goýumlaryň innowasion usullaryny höweslendirmek.
- Üpçünçilik zynjyrlaryny dolandyrmagyň möhüm meseleleri boýunça ählumumy we sebitleýin çäreleri guramak.
Topara goşulmak
Döwletler we halkara guramalar diplomatik notalary ýa-da niýet hatlaryny ibermek arkaly, şeýle hem agzalyk üçin elektron görnüş arkaly Topara goşulmak üçin ýüz tutup bilerler.
Döwletler
- Angola
- Ermenistan
- Azerbaýjan
- Belarus
- Hytaý
- Jibuti
- Salwador
- Gyrgyzystan
- Laos Halk Demokratik Respublikasy
- Marokko
- Nikaragua
- Katar
- Filippinler
- Russiýa Federasiýasy
- Täjigistan
- Türkiýe
- Türkmenistan
- Özbegistan
Guramalar
- BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite wekiliniň edarasy
- Jemgyýetçilik ulagynyň halkara birleşigi (UITP)