TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI IKAO GURAMASYNYŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy.

Çärede gurama agza döwletler we halkara guramalaryň wekilleri 21-nji asyrda howa ulaglarynyň durnuklylygyna we sanly ulgama geçmegine ýardam berjek IKAO-nyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň hökümeti, 2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň çäginde IKAO bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Türkmenistan, IKAO bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen, milli we halkara awiasiýa üçin mümkin bolan iň ýokary standartlary üpjün etmegi, şeýle hem howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrmagy ileri tutýar.

Türkmenistan halkara derejesinde ulaglaryň durnukly ösüşini üpjün etmeklige uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen bagly, “Üstaşyr transport koridorlaryny döretmek barada”, “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek” ýaly kararnamalaryň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilendigini bellemek gerek.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta