TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde saparda boldy.

Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko açdy. Şeýle hem GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň agza-döwletleriniň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň, hyzmatdaş guramalaryň wekiliýet baştutanlarynyň we hormatly myhmanlarynyň çykyşlary diňlenildi.

Mejlisiň esasy temasy GDA ýurtlarynda saýlawlaryň we referendumlaryň prosesleriniň kanun taýdan üpjünçiligi hem-de olara gözegçilik etmek boldy. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň özüniň 30 ýyllyk taryhynyň dowamynda işiniň hilini gaçyrman täzeçilliklere uýgunlaşmaga taýýarlygyny we netijeliligini köp gezek subut edendigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa öz çykyşynda biziň döwlet baştutanlarymyzyň arasynda geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň dürli ugurlar boýunça ýurtlarymyzyň arasyndaky özarabähbitli we maksada okgunly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýändigini belläp geçdi.

Ol şeýle hem häzirki şertlerde parlamentara gatnaşyklaryň kanun çykaryjylygynyň utgaşdyrylmagyny, bu ugurda tejribe alyşmagy üpjün etmekdäki hem-de ekologiýa, ynsanperwer we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornunyň artýandygyny nygtady. «Dialog – parahatçylygyň kepili» pelsepesiniň wajyplygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň şu günki günde energetika we ulag diplomatiýasyny aýratyn öňe sürýändiginiň ähmiýeti beýan edildi.

GDA-nyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen duşuşygy geçirildi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler iki ýurduň hem-de GDA-nyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahtlaşdylar. Parlament diplomatiýasynyň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary has hem berkitmekdäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta