Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik Wekili A.Ataýewa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça orunbasary jenap Ýongmin Park bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar barada konstruktiw pikir alyşma geçirildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta