Nýu-Ýorkda geçirilen türkmen-ukrain geňeşmeleri

2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa Ukrainanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekili Sergeý Kislisa bilen wirtual iş duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň başynda Hemişelik Wekiller ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini bellediler.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Taraplar BMG-niň çäklerinde ýaşlar, medeniýet we sport ugry boýunça ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki hereketi işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn bellediler.
Duşuşyk iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli aragatnaşygyň dowamy boldy we Nýu-Ýorkdaky Wekilhanalaryň arasynda geljekki hyzmatdaşlyk üçin ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi.