Türkmenistanyň DIM-nde Russiýa Federasiýanyň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýanyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň çäklerinde uzakmöhletleýin we deňhukukly esasda ösýän, iki döwletiň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ugrukdyrylan ýokary derejelerde gazanylan ylalaşyklary nazara almak bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem işjeňleşdirmegiň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirýän pikir alyşmalar geçirildi. Şunlukda taraplaryň aýratyn ünsi syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlardaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde has-da berkitmeklige we giňeltmeklige berildi. Şeýle hem energetika we ulag  ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň meselelerine seredildi.

Taraplaryň aýratyn ünsi Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygyň, Owganystan Yslam Respublikasyna ýardam etmegiň we Hazar deňziniň meselelerine berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýanyň Daşary işler ministrlikleriň arasynda 2016-njy ýylda Hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. 

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta