TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINI BMG-NIŇ OWGANYSTANDAKY MISSIÝASYNYŇ MANDATYNYŇ UZALDYLÝANDYGY HAKYNDAKY KARARNAMANYŇ KABUL EDILMEGI BILEN GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.
Milli Liderimiz kärdeşi bilen salamlaşyp, ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýakynda geçirilen mejlisinde BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça Missiýasynyň uzaldylýandygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady we Milletler Bileleşigi tarapyndan pugta goldawa eýe bolan sebitleýin hem-de sebitara gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň we Owganystanyň işjeň orun eýeleýändigini belledi.
Şeýlelikde, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary resminama bilen Owganystany ösdürmek boýunça, şol sanda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebitleýin taslamalaryny we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol geçelgesiniň başlangyç bölegi bolup durýan Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň çekilmegini goldadylar. Şeýle hem ýokarda agzalan ugra halkara elektrik geçiriji ulgam we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň desgalarynyň taslamalary girýär.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde bellenilişi ýaly, deňsiz-taýsyz TOPH taslamasy diňe bir sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy ulgama goşulyşmagyny däl, eýsem, Owganystanyň ykdysady taýdan üpjünçiligine gönükdirilen oýlanyşykly meýilnamanyň binýadyny emele getirýär.
2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça ykdysady hyzmatdaşlygyň VII Sebitleýin maslahatyň netijeleri nazara alnyp kabul edilen Kararnamada dünýä jemgyýetçiliginiň sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, söwda-üstaşyr, şol sanda Lazurit geçelgesiniň çäklerindäki sebitara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermek, Owganystanda täze iş orunlary döretmek boýunça çäreleri öz içine alýan ýörelgeleri pugtalandyrmak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigi nygtalýar.
Bu babatda Türkmenistan ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hem-de owgan halkynyň wepaly dosty hökmünde nusgalyk görelde görkezýär. BMG-niň nobatdaky ykrarnamasy durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalaryň ähmiýetlidiginiň we netijelidiginiň subutnamasydyr. Munuň özi Türkmenistan bilen Owganystanyň halkara syýasy giňişliginde saýlap alan ugrunyň we gatnaşyklarynyň oňyn netijä eýedigini äşgär edýär-diýip Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak arkaly söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köpugurly esasda we iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebitleýin düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan häzirki gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Owgan Lideri Türkmenistanyň Prezidentine alyp barýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we goldaw bermek syýasaty, owgan halkyna parahatçylykly durmuş gurmaga berýän kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. OYR-nyň baştutany türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ulag-aragatnaşyk boýunça taslamalaryň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyna we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşine ägirt uly goşant boljakdygyny belledi.
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlanmagy Owganystanyň ykdysady ösüşine we bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine kuwwatly itergi berjekdigi aýratyn nygtaldy.
Şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda we Owganystanyň Hyrat şäherinde bolan duşuşygy, şol pursatda TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly açyldy diýip bellemek bilen, söhbetdeşler bu taslamalaryň geoykdysady we geosyýasy nukdaýnazardan ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Ýöne, iň esasy zat, olaryň ähmiýeti bolup durýar, munuň özi owgan halkyna kömek we goldaw bermäge, Owganystanyň halkara syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mundan beýläk-de goňşy Owganystanyň dikeldilmegi boýunça alnyp barylýan halkara tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny we onuň durmuş-ykdysady düzümleriniň dikeldilmegine ýardam berjekdigini, owgan halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşa bolan gyzyklanmalarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyp, owgan Liderine däp bolan doganlyk gatnaşyklaryny, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berktimäge goşýan goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, taraplar özara söwdanyň möçberlerini ýokarlandyrmagyň we onuň köpugurly esasda ösdürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-owgan toparynyň işini, şeýle hem hususy telekeçilik ulgamy boýunça işewürlik gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.
Iki goňşy döwletiň Baştutanlary däp bolan ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler hem-de bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe sebitara we halkara möçberdäki meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Milli Liderimiz Mohammad Aşraf Ganini BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça Missiýasyny uzaltmak hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýene bir ýola gutlady we ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda Owganystanyň ykdysadyýetiniň gowulanmagyna gönükdirilen maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam edýän Lazurit geçelgesiniň taslamasynyň mundan beýläk-de ilerledilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkejekdigine we onuň syýasy, söwda-ykdysady, medeni pudaklarda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly däplere, taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanyp üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň, Owganystanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Source - TDH