Türkmenistan we Braziliýa ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde brazil kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky tegelek stoluň işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Astana ş.) Demetrio Bueno Karwalýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini bellediler. Taraplaryň aýratyn ünsi söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine berildi. Brazil kompaniýalarynyň türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary ýola goýmakda bolan gyzyklanmalaryny belläp, Braziliýanyň Ilçisi brazil kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky tegelek stolunyň oňyn netijesini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, brazil tarapy ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça ençeme teklipleri öňe sürdi. Geljekdäki hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynyň hatarynda oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlary bellenildi. Şeýle hem taraplar bilim, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler.

Duşuşygyň çäginde taraplar halkara gün tertibiniň meselelri boýunça pikirleri alyşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garamak bilen, taraplar halkara guramalaryň çägindäki bilelikdäki işiň oňyn netijesini bellediler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta