Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda ulag we logistika pudagynda ýöriteleşen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna we sergä gatnaşyjylara ýüzlenmesi aýratyn üns bilen diňlenildi.

Ulag we aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we halkara derejesindäki iň möhüm ulag we logistika merkezi hökmünde öz ornuny yzygiderli berkidýär.

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-na agza ýurtlaryň biragyzdan goldawy bilen 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni hökmünde yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şol bir gün 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermek üçin BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul eden alty sany Kararnama muny aýdyň subut edýär.

Halkara maslahatynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň gazananlarynyň sergisi geçirilip, ýokary netijeli ulag infrastrukturasynyň emele gelişini görkezýän köp sanly stendler görkezildi. Bu ýerde ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri açýan, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we pudagyň ösüşindäki dünýä ýörelgeleri üçin şertleri döredýän geljegi uly taslamalar barada maglumatlar görkezilýär.

Halkara maslahatynyň bölümçeleri özarabaglanyşygy ýokarlandyrmagy we ekologik taýdan arassa logistikany goldamak maksady bilen ýaşyl tehnologiýalary, sanly özgerişi we multimodal ulagy ornaşdyrmaga gönükdirildi.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işini dowam edýär.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta