Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi

2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 43-nji umumy mejlisinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi.

Kararnamanyň taslamasyny hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa taslamany goldaýandyklary üçin BMG-ä agza ýurtlara minnetdarlygyny bildirdi we Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň Demirgazyk ýarymşarda ilkinji ýadro ýaragyndan azat sebiti döretmek bilen, ählumumy ýarag ýaýratmazlyk hereketiniň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamada başlyklyk edýär. Ýaňy ýakynda Aşgabat şäherinde bu Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahaty geçirildi.

Agzalan maslahatyň jemleri boýunça Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň (OPANAL) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ählumumy parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek we bütin adamzadyň bähbidi ugrunda halkara tagallalaryny birleşdirmek boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen degişli Kararnamalary kabul etmegi bu teklipleriň möhümdiginiň we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta