SOŇKY HABARLAR
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde S.N.Lebedew 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu mejlisiň dowamynda ýurtlaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp masahatlaşylar, şeýle-de Arkalaşygyň geljekdäki işini ösdürmek ugrunda ileri...
BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Aşgabat şäherine 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.N.Rumasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we meden...
TÜRKMENISTAN WE ÝEWROPA BILELEŞIGI ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA GEPLEŞIKLERINI DOWAM ETDIRDILER
2019-njy ýylyň 28-30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde iş saparynda boldy. Şol günüň ikinji ýarymynda Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda «Тürkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Tehniki mejlisi geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýewropa tarapy Тürkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Çarçuwaly...
AŞGABATDA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwlet...
PRESS-RELIZ
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda, Nýu-ýork ş., ABŞ-da Guramanyň agza-döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. 21 sany döwlet bu rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş et...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI UNESCAP-YŇ 75-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 27-nji maýyndan 31-nji maýy aralygynda Bangkokda, Tailandda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýetmiş bäşinji mejlisi geçirilýär. Bu çärä Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Her ýylda geçirilýän ýokary derejeli bu duşuşyk Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary üçin köpugurly platforma bolup, ol durnukly ykdysady we durmuş ösüşine degişli bolan täze hem-de derwaýys meselele...
TÜRKMEN WEKILIÝETI XVI ÝEWRAZIÝA MEDIA FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenstanyň Döwlet habarlary agentliginiň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän XVI Ýewraziýa media forumynyň işine gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň Senatynyň başlygy Dariga Nazarbaýewanyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu media forumyň işine dünýäniň 50 ýurdundan 600-e golaý wekiliýet ýagny, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Estoniýanyň öňki Prezidenti Toomas Ilwes, syýasat...