RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Maý

AŞGABATDA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwlet...

DOWAMY
pic
31 Maý

PRESS-RELIZ

2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda, Nýu-ýork ş., ABŞ-da Guramanyň agza-döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji plenar mejlisi geçirildi.  Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. 21 sany döwlet bu rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş et...

DOWAMY
pic
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI UNESCAP-YŇ 75-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 27-nji maýyndan 31-nji maýy aralygynda Bangkokda, Tailandda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýetmiş bäşinji mejlisi geçirilýär. Bu çärä Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Her ýylda geçirilýän ýokary derejeli bu duşuşyk Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary üçin köpugurly platforma bolup, ol durnukly ykdysady we durmuş ösüşine degişli bolan täze hem-de derwaýys meselele...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMEN WEKILIÝETI XVI ÝEWRAZIÝA MEDIA FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenstanyň Döwlet habarlary agentliginiň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän XVI Ýewraziýa media forumynyň işine gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň Senatynyň başlygy Dariga Nazarbaýewanyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu media forumyň işine dünýäniň 50 ýurdundan 600-e golaý wekiliýet ýagny, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Estoniýanyň öňki Prezidenti Toomas Ilwes, syýasat...

DOWAMY
pic
22 Maý

AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-BELARUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýalar ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.B.Çakyýew ýolbaşçylyk etdi. Belarusyň wekiliýetine Türkmenistana iş sapary bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, toparyň belarus böleginiň başlygy I.W. Lýaşenko ýolbaşçylyk etdi. Toparyň işine iki ýur...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy.   Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de  bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...

DOWAMY
pic
20 Maý

AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri,...

DOWAMY