SOŇKY HABARLAR
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN GELMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşygy geçiriler.
ÝHHG-NYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 21-24-nji noýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary jenap Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary bilen gelmekligine garaşylýar. Saparyň çäklerinde ÝHHG-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, Bilim ministrliginde hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary bolar. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanyň Aşgabat şäherin...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNYŇ SEBITLEÝIN MERKEZI SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ÝYGNAGYNY GURNADY
2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň guramagynda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 8-nji her ýylky duşuşygy geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekowyň açmagynda geçirilen bu çärä Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we BMG...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY DOWAM ETDI
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti öz iş saparynyň çäklerinde Germaniya Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň Daşary işler boýunça Federal ministri Haýko Maas bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň, Türkmenistan bilen Germaniýany...
TÜRKMEN-ITALÝAN IŞEWÜRLER MASLAHATY ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINE GARAÝAR
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi we oňa gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň işewür adamlarynyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Italiýanyň wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem söwda, derman senagaty, azyk senagaty, oba hojalyk we senagat tehnologiýalary, inžener hyzmatlary, ulag we logistika, energetika, nebitgaz...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABU-DABIDE “ADIPEС–2018” ATLY NEBITGAZ SERGI–MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018–nji ýylyň 12–15-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde bu ýurduň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda “ADIPEС–2018” atly 21-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty geçirildi. “ADIPEС–2018” – energiýa çeşmeleriniň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak we özara tejribeleri alyşmaklyk maksady bilen ýokary derejeli resmi adamlary, nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenleri bir ýere jemleýän dünýäni...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türkmen-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler minsitrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...