SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) boýunça 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi. Maslahat öz işini «Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygygyň söwda babatynda täze goşulyşan gün tertibi 2030 (SBGGTŞ) we CAREC 2030» temasy boýunça tegelek stol görnüşindäki gepleşikleriň çäginde dowam etdi. CAREC-ň agza ýurtlarynyň ministrleri we duşuşygyň beýleki gatnaşyjylary çykyş etmek bilen CAREC 2030, SBGGTŞ 2030 we...
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Azerbaýjan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegista...
TÜRKMENISTAN WE GERMANIÝA- IKITARAPLAÝYN BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ÝOLUNDA
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapary başlady. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan gurnalan “Esasy üns Gündogar Ýewropa tarap - işewürler gepleşikde” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat iri nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň hem-de Germaniýanyň söwda edaralarynyň 250-den gowrak töweregi ýolbaşçylaryny...
BRAZILIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) h-m Marsiýa Donner Abreu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bara...
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty geçiriler. Halkara derejesinde geçiriljek bu maslahata CAREC maksatnamasyna girýän agza ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda CAREC-e gatnaşýan döwletleriniň 2018-2030-njy ýyllar üçin strategik hereketiň meýilnamasyna serediler. Şeýle hem m...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada CAREC-yň 17-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga gelen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň baş direktory Koji Fujiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE OWGAN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşuk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurular. Duşuşygyň barşynda tar...